TRT World Forum 9-10-njy dekabr aralygynda Stambulda geçiriler

TRT World Forum 2022, 6-njy ýylynda "Geljegi şekillendirmek: Näbellilikler, hakykatlar we mümkinçilikler" temasy bilen 9-10-njy dekabr aralygynda Stambulda geçiriler

1912984
TRT World Forum 9-10-njy dekabr aralygynda Stambulda geçiriler

Türkiyäniň Radio we telewideniýe guramasyndan berilen beýanata görä, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda koronawirus epidemiýasy sebäpli onlaýn görnüşde geçirilen TRT World Forum, şu ýyl dünýäniň dört künjeginden meşhur adamlary Stambulda bir ýere jemlär. 

Şu ýyl 34 ýurtdan 100-e golaý adamyň çykyş etmeginde 6-njy gezek geçiriljek TRT World Forum, dünýäniň dört künjeginden liderleri, hünärmenleri, akademikleri we meşhur adamlary bir ýere jemläp, global meseleleri maslahatlaşmagy we çözgüt tekliplerini orta atmagy maksat edinýär. 

Forumda energetikadan global bosgun krizisine, azyk howpsuzlygyndan Yslamafobiýa çenli ençeme mesele geçiriljek maslahatlarda we duşuşyklarda ele alynar. 

"Geljegi şekillendirmek: Näbellilikler, hakykatlar we mümkinçilikler" temasy bilen geçiriljek forum 9-10-njy dekabr aralygynda geçiriler. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň foruma gatnaşyp söz sözlemegine garaşylýar. 

TRT World Forum 2022-ä gatnaşmak üçin arzalar www.trtworldforum.com saýtyndan berilip biliner. 


Etiketkalar: #Stambul , #TRT World Forum

Degişli Habarlar