Türkiyäniň Daşary işler ministri finlýandiýaly we şwesiýaly kärdeşleri bilen maslahat geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, NATO agza bolmak üçin ýüz tutan Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň Daşary işler ministrleri bilen Üçtaraplaýyn maslahat geçirdi

1912566
Türkiyäniň Daşary işler ministri finlýandiýaly we şwesiýaly kärdeşleri bilen maslahat geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem we Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Peeka Haawisto bilen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin baran Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde duşuşyk geçirdi. 

NATO maslahatyndan ozal geçiren duşuşygy bilen baglanşykly sosial media hasabyndan beýannama beren Mewlüt Çawuşogly, Türkiyäniň iýun aýynda Madritde geçirilen NATO sammitinde gol çekilen ylalaşyk resminamasynyň çägindäki tamalaryny beýan edendigini habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Türkiye-Şwesiýa-Finlýandiýa Üçtaraplaýyn Daşary işler ministrleriniň maslahatynda üçtaraplaýyn memorandumyň çäginde edilen ädimleri maslahatlaşdyk, tamalarymyzy nygtadyk" diýip mälim etdi.

 



Degişli Habarlar