Türkiýäni Gaýtadan Şekillenýän Global Syýasy we Ykdysady Ulgamyň Merkezine Ornaşdyrarys

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäni gaýtadan şekillenýän global syýasy we ykdysady ulgamyň merkezine ornaşdyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

1912516
Türkiýäni Gaýtadan Şekillenýän Global Syýasy we Ykdysady Ulgamyň Merkezine Ornaşdyrarys

Erdogan paýtagt Ankarada Türkiýäniň myhmanhanaçylar federasiýasynyň 7-nji Maslahatynda çykyş etdi.

Türkiýäniň dünýäniň ähli gözelliklerini özünde jemlän hazynasyna eýedigini, ençeme şäheriň özbolyşly syýahatçylyk aýratynlygyna eýedigini beýan eden Erdogan; “Syýahatçylykda indi öwrenjelik, höwesjeňlik döwrüni geçdik, ussalyk tapgyryna geçdik” diýdi.

Prezident Erdogan; “Global pandemiýada gysga arakesme beren hem bolsak, hem syýahatçy sany hem syýahatçylyk girdejisi taýdan ýurdumyzyň iň ýokary rekorduny göýdük. Türkiýäniň 2021-nji ýylda syýahatçy sanynda dünýäde 4-nji, syýahatçylyk girdejisinde 8-nji orna göterilmegi, üstümizdäki ýyl has ýokarlara çykjakdygymyzy aňladýar. Maksadymyz ýurdumyzy gaýtadan şekillenýän global syýyýasy we ykdysady ulgamyň merkezine ornaşdyryp, pursatlaryň elden gitmeginiň öňüni almaklykdyr” diýdi.



Degişli Habarlar