“Ýaramaz Gyş Şertlerine Garamazdan Terror Guramasyna Uly Zarba Urulýar"

Prezident Erdogan serkerdelere ýüzlendi.

1911592
“Ýaramaz Gyş Şertlerine Garamazdan Terror Guramasyna Uly Zarba Urulýar"

Prezident R. T. Erdogan “Ýaramaz gyş şertlerine garamazdan “Penje Gulp” operasiýasy bilen Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrapçasynda we Siriýanyň demirgazygynda terror guramasyna uly zarba urulýar. Terrora garşy göreşiň netijesi düşümli bolar” diýdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler we beýleki serkerdeler bilen “Penje Gulp” operasiýasyna gatnaşýan güýçleriň serkerdeleri bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Prezident Erdogan hem duşuşyga telefon arkaly gatnaşyp serkerdelere ýüzlendi.

Prezident Erdogan, “ Terrora garşy egilşiksiz göreşimiz dowam edýär. Şehitlerimiziň ganlary ýerde galmady we galmaz. Şehitlik diýseň mukaddes ýol. Bu mukaddes ýolda esgerlerimiziň şu günki güne çenli alyp barýan göreşini hemmeler bilýär. Ýaramaz gyş şertlerine garamazdan “Penje Gulp” operasiýasy bilen Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrapçasynda we Siriýanyň demirgazygynda terror guramasyna uly zarba urulýar. Terrora garşy göreşiň netijesi düşümli bolar” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar