Erdogan Ýaşlar Bilen Söhbetdeş Boldy

Prezident R.T.Erdogan düýn Konýada ýaşlar bilen duşuşdy.

1911590
Erdogan Ýaşlar Bilen Söhbetdeş Boldy

Erdogan geçen hepde Katarda Müsüriň Prezident Abdulfattah as-Sisi bilen geçiren duşuşygy hakynda maglumat berdi.

Erdogan “Ýarym sagat, 45 minut töweregi biz Hormatly Sisi bilen daraldylan formatda duşuşyk geçirdik. “Aşakky derejede ministrlerimiz gidip, gelsinler, soň biz duşuşyklarymyzy giňeldeli, ähli derdimizi, siziň bilen Türkiýäniň arasyndaky bu öýke-kinäni ortadan aýyralyň. Ortaýer denizinde Türkiýe bilen Müsüriň arasynda şeýle düşnüşmezlik bolmaly däl” diýdik. Aramyzda başga uğurlarda-da pikir alyşdyk. Soň alan maglumatlaryma görä ol hem duşuşykdan hoşal bolupdyr. Biz hem hoşallygymyzy beýan etdik. İndi tapgyr başlady, ministrler ony dowam etdirer. Soň bolsa geçiriljek duşuşyklaryň çäginde Ortaýer denizinde, sebäbi Müsüriň halky bilen Türkiýäniň birek-birege bolan sarpasy başgaça, biz ony başgalaryna bermeli däl. Gresiýanyň ol ýerlere gelmegi iňňän ýerliksiz. Men gowy netijelerin alynjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Türkiýäniň Aglag seibitinde ýerleşýän ýurtlar bilen düşnüşmezligini bähbide öwürmek isleýänleriň bardygyny beýan eden Erdogan; “Bular ortadan aýrylandan soň oýunlar bozuldy. Şolardan biri hem Birleşen Arap Emirlikleri. Häzirki wagtda bizin BAE bilen gatnaşyklarymyz iňňän gowy. Hasam gowy bolar. Bu elbetde käbir töwerekleri biynjalyk edýär. Mundan soňky tapgyrda Müsüri bilen gatnaşyklar nähili kadalaşýan bolsa, Siriýa bilen hem kadalaşyp biler. Syýasatda öýke-kine bolmaz” diýdi.



Degişli Habarlar