Prezident Erdogan, Malaýziýanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan Premýer-ministr hökmünde bellenendigi sebäpli Enwer Ibrahimi gutlady.

1910791
Prezident Erdogan, Malaýziýanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, Malaýziýanyň Premýer-ministri hökmünde bellenen Enwer Ibrahim bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, şäriklik hökümetiniň saýlawda gazanan üstünligi we Premýer-ministr hökmünde bellenendigi sebäpli Enwer Ibrahimi gutlady.

Prezident Erdogan, Türkiýe bilen Malaýziýanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň täze döwürde hem pajarlap ösjekdigine ynanýandygyny belledi.

 



Degişli Habarlar