“Penje Gylyç” Operasiýasynda 326 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Terrory ýok etmek, ýurdumyzyň, halkymyzyň we serhetlerimiziň howpsyzlygyny goramak üçin elimizden geleni etmäge dowam ederis”

1910998
“Penje Gylyç” Operasiýasynda 326 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, paýtagt Ankarada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

“Penje-Gylyç” operasiýasy hakyndaky soraglara hem jogap beren Akar, “Terrory ýok etmek, ýurdumyzyň, halkymyzyň we serhetlerimiziň howpsyzlygyny goramak üçin elimizden geleni etmäge dowam ederis” diýdi.

Soňky döwrüň iň uly we giň gerimli howa hüjümi bilen başlan “Penje Gylyç” operasiýasynyň üstünlikli dowam edýändigini aýdan Akar, “Operasiýa, howa we gury ýer hüjümleri bilen dowam edýär. Häzire çenli 326 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Türk ýaragly güýçleriniň, Siriýanyň demirgazygynda ABŞ-nyň gözegçilik merkezini nyşana alyp almandygy hakyndaky soraga jogap beren Akar, “Biz koalisiýa güýçlerine ýada asuda ilata asla zeper ýetirmeris. Biziň ýeke-täk maksadymyz hem ol hem terrorçylar. Terrorçy nirede bolsa biz şol ýere bararys. Asuda ilata we daşky gurşawa zeper ýetirilmezligi üçin ünsli çemeleşmek biziň esasy ýörelgämiz” diýdi.

Žurnalistleriň “Siriýa bilen liderler derejesindäki gepleşik haçan geçirler” diýen soragyna jogap beren Ministr Hulusi Akar, “Ululi-kiçili birnäçe waka başdan geçirilýär. Wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Başdan geçirilýän wakalaryň netijesine görä karar kabul ediler” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar