Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif Türkiýede Saparda Bolar

Saparyň çäginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleleriň serljerler

1910738
Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif Türkiýede Saparda Bolar

Pakistanyň Premýer-ministri Şafbaz Şerif resmi sapar bilen şu gün Türkiýä geler.

Pakistan tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Premýer-ministr Şerifiň, Prezident Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä sapar gurajakdygy nygtaldy.

Beýannamada, Premýer-ministr Şerifiň 2 günlük resmi saparynyň çäginde Prezident Erdogan bilen birlikde Pakistanyň Deňiz flodyna degişli 4 sany MİGEM gämisiniň üçünjisi bolan PNS Kyberiň deňize girmegi mynasibetli geçiriljek dabara gatnaşjakdygy bellenildi.

Beýannamada saparyň çäginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleleriň serljeriljekdigi ýatladyldy.

Pakistanyň Premýer-ministri Şafbaz Şerifiň saparynyň çäginde türk işewürleri bilen duşuşjakdygy nygtaldy.

 

 



Degişli Habarlar