“Ýigrenje we Zuluma Garşy Birlikde Göreşeris”

Mewlüt Çawuşogly, Marokkoda geçirilýän BMG-nyň Medeniýetleriň Arkalaşygynyň Halkara 9-njy forumyna gatnaşýar.

1909737
“Ýigrenje we Zuluma Garşy Birlikde Göreşeris”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Marokkonyň Fes şäherinde geçirilýän BMG-nyň Medeniýetleriň Arkalaşygynyň Halkara 9-njy forumyna gatnaşýar.

Ministr Çawuşogly forum hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “2005-nji ýylda Ispaniýa bilen birlikde başladylan we şu günki günde 158 agzasy bolan Medeniýetleriň Arkalaşygynyň Fes şäherinde geçirilýän maslahatyna gatnaşdyk. Ýigrenje we zuluma garşy birlikde göreşeris we ortadan aýyrarys” diýdi.

Ilkinji gezek Afrika ýurdunda geçirilýän we düýn öz işine başan foruna 50 ýurtdan ministr gatnaşýar.

BMG-nyň Medeniýetleriň Arkalaşygynyň Halkara 9-njy forumyna 96 ýurduň wekili bilen birlikde dünýäniň çar tarapynda dürli ugurlarda iş alyp barýan 1000-den gowrak meýletin gatnaşýar.



Degişli Habarlar