“Penje Gylyç” Operasiýasynda 254 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Akar, düýn gije serkerdeler bilen birlikde paýtagt Ankaradaky operasiýa merkezine baryp gördi.

1909991
“Penje Gylyç” Operasiýasynda 254 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-a garşy guralýan howa hüjüminde 254 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministri Akar, düýn gije serkerdeler bilen birlikde paýtagt Ankaradaky operasiýa merkezine baryp gördi.

Akar, operasiýa gatnaşýan serkerdeler bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-a garşy alnyp barylaýn “Penje Gylyç” operasiýasy hakynda maglumat beren Akar, “Häzire çenli 471 ýer nyşana alyndy. 254 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylaryň agyr günleri başdan geçirýändigini görmek bolýar. Asuda ilat nyşana alýarlar. Şol sebäpli hem biz gysga wagtda olary derbi dagyn etmeli” diýdi.

Akar, “Terrorçylykly hüjümlerde ýogalan şehitlerimiziň, kiçi çagalaryň, zenanlaryň, gyzlaryň, okuwçylaryň we mugalymlaryň gany ýerde galmaz” diýip belledi.

Milli Goranmak ministri Akar “Ýeke-täk nyşanamyz bar. terrorçylar PKK-a,ÝP-ä, PÝD-ä we DAEŞ-e agza terrorçylary ýok ederis” diýdi.

Türk ýaragly güýçleri 19-ny noýabrda Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-a garşy “Penje Gylyş Howa Hüjümini başladypdy.



Degişli Habarlar