2015-nji Ýyldan Bäri 36 Müň 854 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ministrligiň alyp barýan işleri hakynda maglumat berdi.

1909383
2015-nji Ýyldan Bäri 36 Müň 854 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri ýurduň içinde, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 36 müň 854, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bolsa 3 müň 585 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini nygtady.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň, Meýilnama we bujet komissiýasynda, Milli Goranmak ministrliginiň 2023-nji ýyldaky bujeti ara alnyp maslahatlaşylýar.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, komissiýada, ministrligiň alyp barýan işleri hakynda maglumat berdi.

Akar, görlen degişli çäreleriň netijesinde 1-nji ýanwardan bäri gümrük geçelgelerinde 234 müň 282 adamyň saklanandygyny ýatlatdy.

2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri ýurduň içinde, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 36 müň 854 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýdan Akar, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bolsa 3 müň 585 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatlatdy.

Türk ýaragly güýçleriniň terror guramasy DAEŞ-e garşy alyp barýan netijeli göreşiniň dowam edýändigini nygtan Akar, DAEŞ-e agza 4 müň 500 terrorçynyň Siriýanyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirlendigine ünsi çekdi.

Akar, Türkiýeden 560 müňi Idlibe bolmak bilen 1 milliondan gowrak siriýalynyň meýletin ýagdaýda öýlerine dolanandygyny belledi.

Milli Goranmak ministri Akar, galla geçelgesi ylalaşygynyň çäginde şu günki güne çenli Ukrainanyň portlaryndan jemi 12 million tonna golaý gallanyň howpsyz ýagdaýda dünýä bazaryna ýetirlendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar