Gaziantep we Kilis welaýatlarynda howpsuzlyk çäreleri artdyryldy

Siriýanyň demirgazygyndan Gaziantep we Kilis welaýatlaryna garşy yzyly-yzyna guralan rekataly hüjümler sebäpli welaýatlarynyň serhet zolagynda howpsuzlyk çäreleri artdyryldy

1908692
Gaziantep we Kilis welaýatlarynda howpsuzlyk çäreleri artdyryldy

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň gözegçiligindäki Tel-Ryfat sebitinden düýn agşam atylan raketalar, Önjüpynar gümrük geçelgesiniň golaýyndaky Polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen merkeziniň binasyna degdi. 

Partlamada merkeziň içindäki 1 esger bilen 7 polisiýa işgäri ýaralandy. 

Kilis döwlet hassahanasyna ýatyrylan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň gowudygy habar berildi. 

Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabyna hem düýn gije Siriýanyň Aýn-al-Arap sebitinden atylan 4 raketa degdi. 

Boş meýdança gaçan raketalar partlady, hüjümler etrapda howsala döretdi. 

Siriýanyň demirgazygyndan Gaziantep we Kilis welaýatlaryna garşy yzyly-yzyna guralan rekataly hüjümler sebäpli welaýatlarynyň serhet zolagynda howpsuzlyk çäreleri artdyryldy. 

Howpsuzlyk güýçleri hüşgär ýagdaýa geçirildi, howpsuzlyk çäreleri ýokary derejä ýetirildi. 

Hüjümlerden soň Tel-Ryfat we Aýn-al-Arap sebitindäki terrorçylara degişli ýerler, nyşana alynyp hüjümler guraldy. 

Uçarmansyz howa ulaglary arkaly anyklanan terrorçylaryň ýerleri, gaubisalar we köp nilli raketalar bilen nyşana alynyp, ýok edildi. 



Degişli Habarlar