Erdogan Bali Adasynda G20-niň Maslahatynyň Çäginde Duşuşyklaryna Başlady

Prezident R.T.Erdogan Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilýän G20-niň liderler Maslahatynda özara duşuşyklaryna başlady.

1906341
Erdogan Bali Adasynda G20-niň Maslahatynyň Çäginde Duşuşyklaryna Başlady
suudi prens selman-erdogan.jpg
erdogan g20 endonezya.jpg
Erdogan-Joko Widodo.jpg

Erdogan Apurwa Kempinskidäki G20-niň Liderler Sammitiniň resmi garşylama dabarasyna gatnaşdy.

Sammite ýer eýeçiligini edýän Indoneziýanyň döwlet Ýolbaşçysy Žoko Widodo maslahatdan ozal Erdogany garşy alyp, ýadygärlik surat aldyrdy.

Lider resmi garşylama dabarasyndan soň “Azyk we energetika howpsuzlygy” mejlisine gatnaşdylar.

Prezident Erdogan mejlisiň geçirilýän zalynda liderler bilen söhbetdeş boldy.

Erdogan maslahatyň çäginde Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen duşuşdy.

Sammitiň  geçirilýän Apurwa Kempinski köşkünde liderler metbugat ýapyk häsýetde duşuşyk geçirdiler.

 



Degişli Habarlar