Içeri işler ministri Stambuldaky terrorçylykly hüjümiň jogapkärleri bilen bagly beýanat berdi

Stambul şäheriniň Beýogly etrabyndaky Taksim meýdançasynyň golaýyndaky Istiklal köçesinde guralan bombaly hüjümde 6 adam ýogaldy, 81 adam ýaralandy

1906151
Içeri işler ministri Stambuldaky terrorçylykly hüjümiň jogapkärleri bilen bagly beýanat berdi

Wakanyň bolan ýerinde geçirilen derňew işlerinden soň beýannama beren Wise-prezident Fuat Oktaý, partlamada 6 adamyň ýogalandygyny, 2-siniň saglyk ýagdaýy agyr 81 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Bombaly partlamanyň bolan ýerinde düýn gije gözegçilik işlerini geçiren Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, tapylan deliller boýunça hüjümi guran adamyň ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-e agzadygyny belläp: "Bombany goýan adam Stambulyň Içeri işler müdürligine degişli toparlar tarapyndan göz tussaglygyna alyndy. Ondan ozal bolsa takmynan 21 adam göz tussaglygyna alynypdy" diýip mälim etdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, terrorçylykly hüjümiň jogapkärleri bilen bagly: "Terrorçylar tussag edildi. Eger tussag etmedik bolsadyk, onda olar şu gün Gresiýa gaçyp gitjeklerdi" diýip habar berdi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, tussag edilen terrorçy bilen bagly: "Onuň bilen birlikde bu wakany gurnan, terror guramasy belki oňa gynanaram welin, Şony öldür diýip buýruk berilen adamy hem tussag etdik" diýip mälim etdi. 

Süleýman Soýlu: "Bize näme ýüzlenme berilendigini örän gowy bilýäris. Şu alan ýüzlenmämize örän berk ýagdaýda ýüzlenme bereris" diýip nygtady. 

Süleýman Soýlu: "Amerikan ilçihanasynyň gynanç ýüzlenmesini kabul etmeýäris, ret edýäris" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan bolsa Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja sosial media hasabyndan, partlamada ýaralanan 81 adamyň 55-siniň bejergi edilip, öýlerine ugradylandygyny, bejergisi dowam edýän 26 adamyň 2-siniň saglyk ýagdaýynyň tankydy bolmagynda galýandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar