Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda Penje-Gulp operasiýasy sebitinde aralarynda guramanyň jogapkär ýolbaşçylary hem bolan ekstremist terror guramasy PKK-a agza jemi 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1903457
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylar üçin ýeke täk çykalga, türk adalatyna boýun egmekdir. Penje-Gulp operasiýasy sebitinde terrorçylar bilen başdan geçirilen çaknyşykda aralarynda guramanyň jogapkär ýolbaşçylary hem bolan ekstremist terror guramasy PKK-a agza jemi 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylar bilen birlikde köp sanda ýarag we ok-däri ele salyndy. Sebitdäki terrorçylary saplaýyş işlerimiz erjellik we tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #sebit , #PKK

Degişli Habarlar