Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşogly bilen Blinken galla geçelgesiniň başda durmagynda Ukraina meselesi hakynda pikir alyşdy.

1901382
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Çawuşogly bilen Blinken telefon söhbetdeşliginde galla geçelgesiniň başda durmagynda Ukraina meselesi hakynda pikir alyşdy.

Ministr Çawuşogly, ABŞ-nyň Döwlet sekretaryna galla geçelgesi krizisiniň çözülmegi üçin Türkiýäniň eden tagallalary hakynda maglumat berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Türkiýäniň eden tagallasy netijesinde galla geçelgesiniň ýaňadandan açylmagyna hoşallyk bildirdi.

Çawuşogly bilen Blinken Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň NATO agzalyklary we F-16-laryň döwrebaplaşdyrylmagy hakynda hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar