Galla Ýüklenen 6 Gämi Ukrainanyň Portlaryndan Ugrady

Hulusi Akar galla geçelgesiniň ýaňadandan açylmagyndan soň ýene-de 6 gäminiň Ukrainanyň portlaryndan ugrandygyny aýtdy.

1901718
Galla Ýüklenen 6 Gämi Ukrainanyň Portlaryndan Ugrady

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar galla geçelgesiniň ýaňadandan açylmagyndan soň ýene-de 6 gäminiň Ukrainanyň portlaryndan ugrandygyny aýtdy.

Hulusi Akar, Hakkaride beren beýannamasynda “Galla geçelgesi ylalaşygynyň ýaňadandan başlamagyndan soň ýene-de 6 gämi Ukrainanyň portlaryndan ugrady. Şeýlelikde portlardan ugran gämileriň sany 426-a, daşalan gallanyň mukdary bolsa 9,7 million tonna ýetdi” diýdi.

Galla geçelgesi ylalaşygynyň dowam etmeginiň, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylyga tarap barýan ýoluň açylmagy taýdan möhümdigini nygtan Akar, “19-njy noýabrda möhledi gutarýan galla geçelgesi ylalaşygynyň uzadylmagy meselesinde Jenap Prezidentimiziň kesgitlän ýörelgeleriniň çäginde tagalla ederis. Galla geçelgesi diňe gallanyň daşalmagy taýdan däl eýsem taraplaryň arasyndaky gepleşikler arkaly käbir kynçylyklaryň çözülmegi taýdan hem möhüm” diýip belledi.

Ministr Akar “Biz iki goňşymyz Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklaryň bes edilmegini isleýäris” diýdi.

Halkara azyk krisiniň çözülmegi üçin Türkiýäniň eden tagallasy netijesinde 22-nji iýulda Stambulda Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Ukrainanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we BMG-nyň arasynda galla geçelgesi ylalaşygyna gol çekişilipdi.

Russiýa 29-njy oktýabrda ylalaşygy saklaýandygyny mälim edipdi.

Russiýanyn Daşary işler ministrligi, Ukrainany Siwastopoldaky deňiz harby bazasynda Rus Gara deňiz flodyna degişli gämilere uçarmansyz howa ulaglary bilen howa we deňiz hüjümini guramakda günäkärläpdi.

Prezident Erdogan düýn beren beýannamasynda galla geçelgesiniň ýaňadandan açylandygyny mälim edipdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi, BMG-nyň we Türkiýäniň goldaw bermeginde, galla ylalaşygy meselesinde Ukrainanyň ýazmaça kepilnama berendigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar