Prezident Erdogan Mewlüde Gençiň ýogalmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

29 ýyl ozal Germaniýanyň Solingen şäherinde rasistleriň hüjüminde 2 gyzyndan, 2 agtygyndan we ýegeninden mahrum bolan Mewlüde Genç, düýn 80 ýaşynda ýogalypdy

1900115
Prezident Erdogan Mewlüde Gençiň ýogalmagy sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 1993-nji ýyldaky Solingen gyrgynçylygynda maşgala agzalaryndan 5 adamdan mahrum bolan Mewlüde Gençiň ýogalmagy sebäpli maşgalasyna gynanç bildirdi. 

Prezident Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Mewlüde Gençiň ýoldaşy Durmuş Genç we ogly Kamil Genç bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, olara gynanjyny bildirdi.

Mewlüde Gençe Alladan rehnet dilän Prezident Erdogan: "Başyndan geçiren gam-gussa garamazdan Mewlüde hanymyň orta goýan takatly we sabyrly pozisiýasy, Ýewropa we bütin adamzada nusga bolmaga dowam eder. Solingen gyrgynçylygynda ýogalan doganlarymyzy ýene-de bir gezek hatyralap geçýärin" diýip belledi. 

29 ýyl ozal Germaniýanyň Solingen şäherinde rasistleriň hüjüminde 2 gyzyndan, 2 agtygyndan we ýegeninden mahrum bolan Mewlüde Genç, düýn 80 ýaşynda ýogalypdy. 



Degişli Habarlar