Türkiýe bilen Afrikanyň Arasyndaky Söwda Mukdary 20 Ýylda 45 Milliard Dollar Barabar Boldy
Çawuşogly soňky 20 ýylda Türkiýäniň Afrikadaky ilçihanalarynyň sanynyň 12-den 44-e ýetendigini belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly VIII Dakar forumynyň çäginde geçirlen Afrikada Parahatçylyk we howpsyzlyk maslahatyna gatnaşdy.
Ministr Çawuşogly maslahatda eden çykyşynda soňky 20 ýylda Türkiýäniň Afrikadaky ilçihanalarynyň sanynyň 12-den 44-e ýetendigini belledi.
Daşary işler ministri Çawuşogly “Söwda mukdarymyz 20 ýylda 4,5 milliard dollardan 45 milliard dollara çenli baryp ýetdi” diýdi.
Geçen ýyl söwda mukdarynyň 34,5 milliard dollara barabar bolandygyny aýdan ministr Çawuşogly, Afrikadaky türk maýa goýumlarynyň hem 8 milliard dollara ýetendigini ýatlatdy.
Daşary işler ministri Çawuşogly “Türkiýe, terrora garşy göreşde Afrika ýurtlaryna uly goldaw berýär. Uçarmansyz howa ulaglary bilen birlikde Afrika ýurtlaryna terrora garşy göreşde harby tälim berýäris” diýdi.
Degişli Habarlar

Çawuşogly Resmi Stokgolmdan Anyk Başlangyçlara Garaşýandyklaryny Aýtdy
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Estoniýada saparda bolýar.