Türkiýäniň Tebigy Haz Üpjünçiligi Meselesi Ýok

Prezident R.T.Erdogan Ýewropanyň tebigy gaz üpjünçiliginde kynçylyk çekýändigini, Türkiýäniň beýle meselesinin bolmandygyny aýtdy.

1894935
Türkiýäniň Tebigy Haz Üpjünçiligi Meselesi Ýok

Prezident, Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygy Erdogan partiýasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki toparynyň maslahatynda çykyş etdi.

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ýewropada başdan geçirilýän tebigy gaz üpjünçilgi meselesine ünsi çeken Erdogan; “Häzirki wagtda Ýewropa tebigy gazy nireden aljakdygyny seljerýär. Hutaýa şükür, Türkiýäniň beýle meselesi ýok. İndi Türkiýe enşalla tebigy gaz boýunça özbaşdak ugur bolar. Soňky duşuşygymyzda Hormatly Putin bilen bu meselede ylalaşdyk we Russiýadan gelýän tebigy gaz bilen merkez dörederis. Onuň aýdyşy ýaly “Ýewropa tebigy gazyny Türkiýeden alyp biler” diýdi.

Erdogan ykdysadyýet hakynda bolsa; “Syýahatçylykda 50 million syýahatçy we 40 milliard dollar girdeji maksadyna ýakynlaşýarys. Ony hasam ýokarlandyrjak taýýarlyklary görýäris” diýdi.

Geçen ýyl 11,5 göterim ösen, ýylyn birinji ýarymynda-da 7,5 göterim ösüş depginine eý ebolan Türkiýäniň geljek ýyl hem şol depgini dowam etdirjek býujetini taýýarlaýandyklaryny nygtan Erdogan; “İş üpjünçiligimiz 31 milliondan geçip, iň ýokary derejä ýeter. Görkezijiler bize ony aňladýar” diýdi.

Prezident Erdogan 250 milliard dollardan geçýän eksporty hasam ýokarlandyrmaga şert döredýän býujetiň çykaryljakdygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar