Prezident Erdogan Mongoliýanyň Wekiliýetini Kabul Etdi

Mongoliýanyň Beýik Milli Mejlisiniň başlygy Gombožaw kabul edilşikde Prezident Erdogana Ötükende tapylan ýazuw ýadigärliginiň bir nusgasyny sowgat etdi.

1894004
Prezident Erdogan Mongoliýanyň Wekiliýetini Kabul Etdi

Prezident R.T.Erdogan, Mongoliýanyň Beýik Milli Mejlisiniň başlygy Zandanshatar Gombožaw bilen Bütindünýä Sürýani Katolik patrigi Mor Ignatius Ýusuf III-niň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi.

Mongoliýanyň Beýik Milli Mejlisiniň başlygy Gombožaw Prezidentiň Kompleksinde bolan kabul edilşikde Prezident R. T. Erdogana Ötükende tapylan ýazuw ýadigärliginiň bir nusgasyny sowgat etdi.

Mongoliýanyň Ötüken sebitinde geçirlen gazuw-agtaryş işleriniň çäginde awgust aýynda tapylan sowgat, “Türk” adynyň ilkinji gezek agzalýan, Göktürk döwrüne (552-745) degişli iň gadymy ýazuw ýadigärliginiň nusgasydyr.

Ikinji kabul edilşik bolsa metbugata ýapyk häsiýetinde geçdi.



Degişli Habarlar