Bartynda Magdan Käninde Partlama Boldy

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 22 işçi ýogaldy.

1893119
Bartynda Magdan Käninde Partlama Boldy

 Bartynda magdan käninde düýn agşam Türkiýe wagty bilen 18.15 töweregi partlama boldy.

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 22 işçi ýogaldy.

Partlamadan soň sebite gözleg we halas ediş topary ugradyldy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, partlamadan soň hassahanada bejergi astyna alynan 21 işçiden 14-niň ýogalandygyny habar berdi.

Ministr Soýlu magdan käninde 110 işçiniň bardygyny, şolardan 49-nyň howply ýerde işleýändigini ýatlatdy.

Içeri işler ministri Soýly bilen birlikde Bartyna giden Energetika we tebigi serişdeler ministri Fatih Dönmez bolsa magdan käninde bolan partlama gazyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Partlamadan birnäçe sagat soň metbugata beýannama beren Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja wakada ýogalanlaryň sanynyň 22 adama ýetendigini aýtdy.

Prezident R. T. Erdogan şu gün Bartyna gider.

Waka hakynda derňew işi gozgaldy.


Etiketkalar: #partlama , #magdan käni

Degişli Habarlar