Global Ykdysady Çökgünligiň Agyr Täsirlerini Azaltmagyň Hötdesinden Gelýäris
Prezident R.T.Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden möhüm beýanatlar berdi.

Erdogan global ykdysady çökgünligiň we howpsuzlyk wehimleriniň soňky döwürde hasam artýandygyny beýan etdi.
Prezident Erdogan: “Bu agyr döwür elbetde ýurdumyza hem ýaramaz täsir ýetirýär. Türkiýe başga döwletlerden tapawutlylykda uzak ýyllardan bäri sezewar bolýan hüjümleri hem-de duzaklary sebäpli howplary öňünden görme ukybyna eýedir. Diplomatiýada uzak ýyllardan bäri başdan geçirilýän haksyzlarymyz we iki standartlylyklar bize sebitleýin durnuksyzlar boýunça pozitiw we täze syýasatlary alyp barmaga şert döredýär. Global çökgünligiň ýaramaz täsirlerini azaltmagyň hötdesinden gelip bilýäris” diýdi.
Prezident Erdogan: “Tebigy gaz ammarlarymyzy doly dolduryp, islegiň artma ähtimallygyna we garaşylmadyk bökdençlilere degişli taýýarlyklary gördük” diýdi.
Degişli Habarlar

Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider
BMG-nyň Baş Assambleýasy şol karar bilen 30-njy marty Halkara Nol galyndy güni hökmünde yglan etdi

Hakkari welaýatynda PKK-a degişli köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy
Gaçybatalgada PKK/KJK terror guramasyna degişli köp mukdarda ýarag, ok-däri we enjam tapyldy