Erdogan Stambulda Žurnalistleriň Soraglaryna Jogap Berdi

Erdogan Çehiýanyň paýtagty Pragade geçiren duşuşyklary hakynda-da maglumat berdi.

1889967
Erdogan Stambulda Žurnalistleriň Soraglaryna Jogap Berdi

Prezident R.T.Erdogan düýn Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň maslahaty mynasybetli Praga guran saparynda Gresiýanyň Prmýer-ministri Kiriakos Mikotakis bilen dawalaşandygy hakyndaky habalar barasynda; “Beýle derejä düşmerin” diýdi.

Erdogan habarlar bilen bagly soraga: “Birinjiden Mikotakis protokol bilmeýän adam. Meýilnamada ýokdugyna garamazdan çykyş etdi. Men çykyş edenimden soň stoluma geçdim. Ol hem kimden nähili rugsat aldy, bilemok. Maňa jogap bermäge synanşdy. Onuň jogabyna men jogap bereýinmi! Türkiýäniň Prezidenti beýle derejä düşmez. Onuň ol ýerdäki birnäçe sözüni diňlemek bilen çäklendim. Oňa beýle el parpanam bolmady” diýdi.



Degişli Habarlar