Türkiýe 4 Ýyl Soň Ysraýyla Ilçi Belledi

Şakir Özkan Torunlar Ysraýyla Ilçi Bellendi

1889351
Türkiýe 4 Ýyl Soň Ysraýyla Ilçi Belledi

Türkiýäniň Tel-Awiwdäki täze ilçisi belli boldy.

Prezident R. T Erdogan tarapyndan tassyklanan kararnama bilen Şakir Özkan Torunlar Türkiýäniň Ysraýyldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellendi.

Torunlar 2010-2014-nji ýyllaryň aralygynda Türkiýäniň Iýerusalimdäki Baş konsuly we Palestinadaky ilçisi wezipelerini ýerine ýetiripdi.

Türkiýe şeýlelikde 4 ýyl soň Ysraýyla ilçi belledi.

Gatnaşyklaryň kadalaşmagy etabynyň çäginde Ysraýyl hem 19-njy sentýabrda Irit Lilliany Türkiýä ilçi hökmünde belläpdi.

 

 

 



Degişli Habarlar