Mustafa Şentop Indoneziýanyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Maharani Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop G20-ä girýän ýurtlaryň Mejlisleriniň Başlyklarynyň sammitine gatnaşmak üçin Indoneziýada saparda bolýar.

1889228
Mustafa Şentop Indoneziýanyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Maharani Bilen Duşuşdy
sentop-ukrayna meclis baskani.jpg
endonezya maharani-sentop.jpg

Şentop saparynyň çäginde Indoneziýanyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Puan Mahrani bilen duşuşdy.

Mustafa Şentop Mahrani bilen geçiren duşuşygynda Indoneziýada bilim ýapynjasyna bukulan FETÖ bilen aragatnaşyk edýän 11 mekdebiň bardygyny aýtdy.

Şol mekdepleriň Türk magaryf gaznasyna tabşyrylmagy boýunça indoneziýaly resmilere hyzmatdaşlyk üçin çağyryş eden Şentop, “FETÖ terror guramasy bolmagyň ýanynda dini we ruhy duýgulardan hyýanatçylykly peýdalanmakda ussatlaşan jenaýat torudyr” diýdi.

Iki ýurdun arasyndaki gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtan TBMM-niň Başlygy parlamentara gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginde möhümdigini beýan etdi.

Mustafa Şentop Malang şäherindäki futbol bäsleşignden soň başdan geçirilen wakalarda ölenler üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Şentop Indoneziýa saparynyň çäginde Ukrinanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary Olena Kondratýuky kabul edip, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda durnukly parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar