Milli Goranmak Ministri Akar Britaniýa Gitdi

Milli Goranmak ministr Britaniýanyň Türkiýäniň goranyş senagaty pudagyna goýlan ähli embargolary bes eden döwründe Britaniýa sapar guraýar.

1888980
Milli Goranmak Ministri Akar Britaniýa Gitdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, resmi sapar bilen Britaniýa gitdi.

Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Uollesiň çakylygyna laýyklykda Britaniýa giden Hulusi Akaryň saparynyň çäginde özara we sebitara goranyş we howpsyzlyk bilen goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlyk meselesiniň ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ministr Akar saparynyň çäginde şeýle hem goranyş senagaty pudagynda iş alyp barýan firmalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Milli Goranmak ministri Akar, Britaniýanyň Türkiýäniň goranyş senagaty pudagyna goýlan ähli embargolary bes eden döwründe Britaniýa sapar guraýar.

 



Degişli Habarlar