Daşary Işler Ministri Çawuşogly Estoniýanyň Wekiliýeti Kabul Etdi

"Wekilçilikli topar bilen Ukrainadaky soňky wakalar we NATO-nyň giňelmegi etaby hakynda pikir alyşdyk”

1889181
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Estoniýanyň Wekiliýeti Kabul Etdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Estoniýanyň Parlamentiniň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Makro Mikelson bilen komissiýanyň agzalayrny kabul etdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly kabul edilşikden soň sosial-mediadan beren habarnamasynda, “Estoniýanyň Parlamentiniň Daşary işler komissiýasynyň agzalaryny myhman aldyk. Wekilçilikli topar bilen Ukrainadaky soňky wakalar we NATO-nyň giňelmegi etaby hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Owganystanyň ozalky Prezidenti Hamid Kerzeý, BMG-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili hökmünde bellenen Gyrgyzystanyň ozalky Prezidenti Roza Otunbaýewa we Çeh Respublikasynyň Daşary işler ministri Lipawskiý bilen aýry aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Çawuşogly, Otunbaýewany täze wezipesi bilen gutlady.



Degişli Habarlar