Sentýabr Aýynda 145 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ismail Çatakly, sentýabr aýynda terrorçylykly 16 aksiýanyň öňüniň alynandygyny aýtdy.

1888718
Sentýabr Aýynda 145 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Sentýabr aýynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýalarda 145 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Ismail Çatakly, sentýabr aýynda terrorçylykly 16 aksiýanyň öňüniň alynandygyny aýtdy.

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy 12-si uly, 30-y orta göwrümli bolmak bilen 12 müň 817 operasiýanyň guralandygyny aýdan Çatakly, operasiýalarda 4-i çal, 4-i mämişi kategoriýada gözlenýän jemi 145 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatlatdy.

Çatakly “Eren Gabaw” operasiýalarynyň çäginde jemi 9 müň 768 operasiýanyň guralandygyny we operasiýada 98 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

 



Degişli Habarlar