Erdogan: “Türkiýe Asyryny Bilelikde Gurarys”

Prezident Erdogan “Türiýe Asyryny” ýene-de millet bilen bilelikde gurjakdyklaryny aýtdy.

1888798
Erdogan: “Türkiýe Asyryny Bilelikde Gurarys”

Prezident R.T.Erdogan ýurdy soňky 20 ýylda asyrlyk eserlere we hyzmatlara gowuşdyryşlary ýaly gelejek tapgyrda-da “Türiýe Asyryny” ýene-de millet bilen bilelikde gurjakdyklaryny aýtdy.

Prezident, Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygy Erdogan partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda çykyş etdi.

15-nji iýundan bäri ýurduň içinde we daşynda gatnaşan çäreleri bilen ýurda hem-de millete hyzmaty dowam etdirýändiklerini nygtan Erdogan: “Bir tarapdan eser we hyzmat syýasatymyzyň netijesi bolan taslamalaryň açylyşyny milletimiz bilen bilelikde etdik. Beýleki tarapdan Türkiýäniň halkara arenadaky güýjüni we täsirini berçinleýän duşuşyklar geçirdik” diýdi.

“Söz berişimiz ýaly beýik we güýçli Türkiýäni beýgeldýäris. Günümiziň her pursadyny, hepdäniň, aýyň, ýylyň her gününi irginsiz işläp, geçirýäris” diýen Erdogan; “Ýurdumyzy geçen 20 ýylda asyrlyk eserler we hyzmatlar bilen gowuşdyryşymyz ýaly enşalla gelejek tapgyrda-da “Türkiye Asyryny” hem milletimiz bilen bilelikde gurarys” diýdi.

Prezident Erdogan saýlawyň şygaryny hem “Türkiye Asyry” hökmünde saýlap alandyklaryny we taýýarlyklary şoňa laýyklykda görjekdillerini nygtap; “Enşalla 2023-nji ýylda hem ulanmaga beriljek uly taslamalarymyz, milletimiziň garamagyna hödürlejek gözýetimimiz we emele getirjek atmosferamyz bilen ählimis başga tapgyra geçeris” diýdi.



Degişli Habarlar