Erdogan Mikotakise Reaksiýa Bildirdi

Prezident R.T.Erdogan paýtagt Ankarada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi.

1888445
Erdogan Mikotakise Reaksiýa Bildirdi

Erdogan Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakise ýüzlenip; “Türkiýä garşy ABŞ-dan kömek soraýar. Näme edýän bolsaň et. Biz degişli çäräni elmydama göreris we görmäge taýýar” diýdi.

Prezident Erdogan Ankarada guralan “Halkara hapyzlyk we gurhany labyzly okama” bäsleşiginiň baýrak gowşurlyş dabarasynda çykyş etdi. Erdogan; “Türkiýe diýlende ýada ykdysadyýeti, goranyş pudagy, harby ukyplary bilen wyždany, gumanitar çökgünliklerde egilşiksiz pozisiýasy bilen öňe saýlanýan ýurt düşýär” diýdi.

“Al baýdagyň pasyrdaýan her bir ýerinde raýatlarymyzyň ýany bilen ol ýerde ýaşaýanlar üçin howpsuzlyga we adalata wekilçilik edýär, ýüzlerçe million ejiz çekýäniň we bigünäniň umydyna öwrülmegiň agyr jogapkärçiligini ýüregimizde duýýarys” diýen Erdogan çykyşynda Gresiýanyň Premýer-ministri Mikotakisi tankyt edip; “Grgek paromlaryndan şol bigünä we biçäre adamlary Egeý we Ortaýer deňizlerine nähili gömýändigiňizi görýäris. Dünýäniň sesi çykýarmy? Ýok. Biziň fyrkatlarymyz ýetişip, olary halas edýär. Sebäbi biz musulman. Musulmanlygyň borjuny berjaý edýäris. Indi Gresiýanyň Premýer-minsitri Amerikadan kömek soraýar. Türkiýä garşy kömek soraýar. Näme edýän bolsaň et. Biz degişli çäräni elmydama göreris we görmäge taýýar” diýdi.



Degişli Habarlar