Ukrainanyň Portlaryndan 6 Million Tonna Galla Daşaldy

260 gämi bilen jemi 6 million tonnadan gowrak galla daşaldy.

1888372
Ukrainanyň Portlaryndan 6 Million Tonna Galla Daşaldy

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli başdan geçirilýän “azyk krizisiniň ortadan aýrylmagy üçin Türkiýäniň tagallasy netijesinde gazanylan galla ylalaşygynyň çäginde häzire çenli 6 million tonnadan gowrak galla daşaldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Stambulda Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň arasynda galla geçelgesi ylalaşygyna gol çekişilipdi.

Stambulda Bilelikdäki utgaşyklyk merkeziniň 27-nji iýulda öz işine başlamagy bilen Ukrainanyň Odessa portundan ilkinji gämi 2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda ugrady.

Şol günden bäri 260 gämi bilen jemi 6 million tonnadan gowrak galla daşaldy.

Gämiler, mekge jöwen, bugdaý, şugundur, arpa we mekge jöwen ýagy ýaly önümleri daşaýar.

Şu gün galla ýüklenen ýene-de 8 gäminiň Ukrainadan ugrandygy habar berildi.

 

 


Etiketkalar: #ylalaşyk , #Ukraina , #galla

Degişli Habarlar