“Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Soňky Terrorçy Ýok Edilýänçä Dowam Eder”

terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1887956
“Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Soňky Terrorçy Ýok Edilýänçä Dowam Eder”

Siirt welaýatynyň Perwari etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada “Eren Gabaw” operasiýasynyň çäginde düýn Siirt welaýatynyň Perwari etrabynyň Bestler Dereler-Herekol etrabynda guralan operasiýada ekstremist terror guramasyna agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Beýannamada, sebitde operasiýalaryň dowam edýändigi ýatladyldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada bolsa, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Metina etrapçasynda ýerleri anyklanylan ekstremist terror guramasy PKK- agza ýene-de 2 terrorçynyň Türk ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Beýannamada, “Terrora garşy egilşiksiz göreş soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar