Ukrainanyň Prezidenti, Selçuk Baýraktary “Döwlet nyşany” Ordeni Bilen Sylaglady

Andiriý Ýermak, Selçuk Baýraktara, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý tarapyndan berlen “Döwlet nyşany” ordenini gowşurdy.

1887620
Ukrainanyň Prezidenti, Selçuk Baýraktary “Döwlet nyşany” Ordeni Bilen Sylaglady

Türkiýede saparda bolýan Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň İş Dolandyryjy Andriý Ýermagyň wekilçilikli topar bilen Özdemir Baýraktar adyndaky Milli tehnalogiýa merkezine baryp gördi.

Baýkar firmasy tarapyndan berlen beýannama görä, Andiriý Ýermak, duşuşykda Baýkar tehnalogiýa firmasynyň lideri Selçuk Baýraktara, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý tarapyndan berlen “Döwlet nyşany” ordenini gowşurdy.

Baýkar firmasynyň Baş müdüri Haluk Baýraktar, Andriý Ýermagyň ýolbaşçylylygyndaky wekilçilikli topara firmanyň öndüren ýerli we milli ulgamlary hakynda maglumat berdi.

 



Degişli Habarlar