"Ukraina we Russiýa degişli döküniň mätäç bolan ýurtlara gitmegi üçin tagalla edýäris"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ukraina we Russiýa degişli döküniň mätäç bolan ähli ýurtlara gitmegi üçin tagalla edýändiklerini habar berdi

1886869
"Ukraina we Russiýa degişli döküniň mätäç bolan ýurtlara gitmegi üçin tagalla edýäris"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Denizli welaýatynda Raýat jemgyýetçilik guramalaryň duşuşygynda eden çykyşynda, dünýäniň ähli ýerinde deňagramly daşary syýasat alyp barmak üçin işleýändiklerini, esasan hem Türkiýäniň azyk krizisi bilen baglanşykly eýelän rolunyň nähili derejede möhümdigini geçen hepde geçirilen BMG-nyň Baş Assambleýasynda görendiklerini belläp: "Esasan hem galla ylalaşygy, biziň taraplaryň ikisi bilen hem deňagramly gatnaşyklarymyzyň, gowy gatnaşyklarymyzyň netijesidir. GynansagamBMG we beýleki halkara guramalar ýeke başlaryna olaryň hötdesinden gelip biljek güýçde däl"  diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly soňky gezek bolsa Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ýesir çalşygyny amala aşyrmagy üpjün edendiklerini ýatladyp: "Indi bolsa bütin dünýä üçin zerur bolan döküniň, hem Ukrainanyň hem-de Russiýanyň döküniniň halkara bazarlara, mätäçlik çekýän ýurtlara gitmegi babatynda tagalla edýäris" diýip habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, global ulgamda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda eýeleýän rollary bilen indi sözi diňlenýän, meseleleriň çözüwine goşant goşýan we islendik mesele bolan mahaly "Türkiýäniň peýdasy deger" diýilýän bir ýurt ýagdaýyna gelendiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar