Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1886607
Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly soňky hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde ençeme wagt üstünde işlenen Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýesir çalşygynyň oňyn netijelenmeginden we BMG-nyň goşandy bilen gazanylan Stambul ylalaşygynyň oňyn ýagdaýda işledilmeginden hoşaldygyny habar berdi. 

Noýabr aýynda möhledi doljak mehanizmiň möhlediniň uzadylmagynyň taraplaryň bähbidinedigini aýdan Prezident Erdogan, rus döküniniň we galla önümleriniň arakesmesiz eksportynyň hem üstünde işlemäge dowam edýändiklerini mälim etdi.

Prezident Erdogan has oňyn hadysalaryň öňüniň açylyp bilinmegi üçin dartgynlygy peseltmek bilen bagly ädimlere zerurlygyň bardygyny, Moskwadan hem Ukrainadaky käbir sebitleriň Russiýa birikmegi başda bolmak bilen, şol tapgyry ýeňilleşdirjek ädimleri etmegine garaşylýandygyny beýan etdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putinden gepleşikleriň geçirilmegi üçin ýene-de bir mümkinçiligiň berilmegini islän Prezident Erdogan, bu tapgyrda ýeňilleşdiriji rol eýelemäge taýardyklaryny habar berdi.

Russiýanyň hökümedi Kreml köşgi tarapyndan geçirilen telefon söhbetdeşligi bilen bagly beýanatda bolsa, iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň depgininiň tizleşýändigi, söwda kuwwadynyň möhüm derejede artýandygy bellenip, Russiýadan Türkiyä tebigy gaz eksporty we Akkuýu atom bekediniň gurluşygy bilen birlikde, energetika ugrundaky hyzmatdaşlyga oňyn baha berilýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar