Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan mesele bilen bagly beýannama berildi

1886301
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan geçirilýän Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Durmarys, ýadamarys, göreşimizi dowam etdireris. Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdirýär" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar