Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýanyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýanyň demirgazygyndaky Afrin-Azez gara ýolunda geçiren operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-agza bolan Ozan Tunç, Mehmet Kaýkyr we Ferhad Edemen atly terrorçylary tussag etdi

1886325
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýanyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy ekstremist terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-niň 3 agzasynyň, Siriýada terrordan saplanan operasiýa zolagynyň üsti bilen howpsuzlyk güýçlerine garşy aksiýa geçirmek maksady bilen, Tel-Ryfat-Azez-Afrin-Kilis/Gülbaba obasynyň üsti bilen Amanoslara geçmegi meýilleşdirendikleri anyklandy. 

Milli Howpsuzlyk gullugyna degişli toparlaryň gözegçiligindäki "Adnan Piro" adyny ulanýan Ferhad Edemen, "Bahtiýar" adyny ulanýan Ozan Tunç we "Çem Riha" adyny ulanýan Mehmet Kaýkyr, Tel-Ryfatdan ýola çykyp, Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitine bardylar. 

Milli Howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar Afrin-Azez gara ýolunyň ugrunda 3 terrorçyny ýanlaryndaky ýaraglary we harby enjamlary bilen birlikde sakladylar. 

Terrorçylardan Mehmet Kaýkyryň 2012-nji ýylda ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryna goşulandygy, guramanyň ýaşlar şahasynyň düzüminde bolandygy, Eýranda guramanyň adyndan işler alyp barandygy we Amanos sebitiniň dolanşygynyň Dörtýol diýilýän ýeriniň jogapkär ýolbaşçysy bolandygy, Ferhad Edemeniň 2010-njy ýylda ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryna goşulandygy, Zeýtun Şahasy operasiýasyndan ozal Amanoslarda kurýer we aragatnaşyk işlerinden jogapkär işgär hökmünde iş alyp barandygy anyklandy. 

Terrorçy Ozan Tunçyň bolsa 2014-nji ýylda ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryna goşulandygy, adamlaryň janyna kast etmek boýunça tälim alandygy, guramanyň ýolbaşçylaryndan "Bahoz Erdal" adyny ulanýan Fehman Hüseýiniň ýakyn goragçysy bolandygy anyklandy. 



Degişli Habarlar