Hulusi Akar: "Egeýde parahatçylykly çözgüdiň tarapdarydyrys"

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Türkiyäniň Egeý deňizinde parahatçylykly çözgüdiň tarapdarydygyny beýan etdi

1886425
Hulusi Akar: "Egeýde parahatçylykly çözgüdiň tarapdarydyrys"

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Şyrnak welaýatynda eden çykyşynda, Gresiýanyň soňky günlerde artan meçew beriji hereketleri bilen baglanşykly: "Gresiýanyň şol meçew bermelerinden ýüz öwürmeginiň, parahatçylykly ýollar we usullar bilen meseläniň çözülmeginiň tarapdarydyrs. Isleseler bu ýere gelsinler ýa-da biz Gresiýa gideliň. Şol meseleleri çözeliň. Türkiýe hiç kim üçin bir howp däl, howply däl. Dartgynlygyň iň uly zyýanyny grek halky çekýär" diýip belledi. 

Ministr Hulusi Akar eden çykyşynda mundan başgada, Yragyň demirgazygynda 140 km çuňlukdaky sebitde geçirilen operasiýalarda 16 gowagyň ýok edilendigini habar berdi. 

Hulusi Akar: "Türkiyäniň Ýaragly güýçleri 27-nji sentýabrda 140 km girdi, Yragyň demirgazygyndaky Asosda terrorçylara degişli 16 gowagy, gaçybatalgany, ştab merkezini nyşana alyp hüjüm gurady" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar