Mewlüt Çawuşogly, Şinzo Abeniň Jynazasyna Gatnaşdy

“Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Şinzo Abeniň jynazasyna ýurdumyzyň adyndan gatnaşdyk. Dost ýapon halkyna gynanç bildirýäris”

1885318
Mewlüt Çawuşogly, Şinzo Abeniň Jynazasyna Gatnaşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Şinzo Abeniň jynazasyna gatnaşdy.

Mewlüt Çawuşogly Ýaponiýa guraýan iş saparyny dowam etdirýär.

Ministr Çawuşogly paýtagt Tokioda ýurduň ozalky Premýer-ministri Şinzo Abe üçin guralan resmi jynaza çäresine gatnaşdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Twitterden beren habarnamasynda “Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Şinzo Abeniň jynazasyna ýurdumyzyň adyndan gatnaşdyk. Dost ýapon halkyna gynanç bildirýäris” diýdi.

Şinzo Abe 8-nji iýulda Nara şäherinde ýaragly hüjüme sezewar bolupdy.

 

 


Etiketkalar: #Tokio , #Ýaponiýa , #Şinzo Abe

Degişli Habarlar