Mersinde Hüjüm Guran 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Polisöýüne hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçydan biriniň “Zozan Tolan” lakamly Dilşah Erjandygy anyklandy

1884913
Mersinde Hüjüm Guran 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministrligi, polisöýüne hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçydan biriniň “Zozan Tolan” lakamly Dilşah Erjandygyny mälim etdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, Mersiniň Mezitli etrabyndaky polisöýüne düýn Türkiýe wagty bilen 22.45-de 2 zenan terrorçy tarapyndan hüjüm guralandygyny we hüjümi guran 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Beýannamada, terrorçylardan biriniň “Zozan Tolan” lakamly terrorçy Dilşah Erjandygynyň anyklanylandygy bellenildi.



Degişli Habarlar