Galla Ýüklenen Ýene-de 9 Gämi Ugrady

Şu gün Ukrainanyň portlaryndan galla ýüklenen ýene-de 9 gämi ugrady

1885249
Galla Ýüklenen Ýene-de 9 Gämi Ugrady

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Ukrain gallasynyň eksport edilmegi üçin gazanylan ylalaşygyň çäginde şu gün Ukrainanyň portlaryndan galla ýüklenen ýene-de 9 gämi ugrady” diýildi.

22-nji iýulda Stambul şäherinde Dolmabahçe köşgünde Prezident R. T. Erdoganyň we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň gatnaşmagynda, Ukraina bilen Russiýanyn arasynda ukrain gallasynyň Garadeňizden üstaşyr howpsyz ýagdaýda daşalmagy üçin Stambul galla ylalaşygy baglaşylypdy.

 

 

 


Etiketkalar: #Ukraina , #ylalaşyk , #galla

Degişli Habarlar