Erdogan Gresiýa Reaksiýa Görkezdi

Erdogan “Gresiýanyň alyp barýan meçew beriji syýasatlary bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam edýäris” diýdi.

1884851
Erdogan Gresiýa Reaksiýa Görkezdi

Prezident R. T. Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda “Gresiýanyň alyp barýan meçew beriji syýasatlary bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam edýäris” diýdi.

Prezident Erdogan “Grek syýasatçylaryna ýurdumyza garşy tutum alyp barmaklary üçin öjükdirýänleriň beýik we güýçli Türkiýäniň  gurulmagy baradaky meýillanamalarymyzy bökdemek isleýändiklerini bilýäris” diýdi.

Erdogan “Gresiýanyň gelejek çärýek asyryny öz içine alýan, jerimesi hökmany suratda tölenjek ykdysady we syýasy kynçylyklar bize däl eýsem grek halkyna howp salýar. Türkiýe hökmünde biz bu filme ozal tomaşa etdik, çözdük we şol depderi ýapdyk. Özümize täze ýol saýlap aldyk. Gresiýanyň şuňa meňzeş betbagtçylyga tarap gitmegi goňşysu hökmünde bizi gynandyrýar” diýdi.

Gresiýanyň çar tarapyna ornaşan daşary ýurtly esgerleriň Türkiýäni däl eýsem grek halkyny biynjalyk etmelidigini nygtan Erdogan, “Ne şol esgerler ne-de syýasy we ykdysady taýdan Gresiýa berilýän kömekler, Gresiýany biziň ýeten sepgidimize ýetirip bilmez. Gresiýa garşy ýurdumyzyň hak-hukuklaryny we bähbitlerini goramakda asla egilşik etmeris. Gresiýanyň meçew bermeleri, grek syýasatçylary, grek döwleti we grek halky taýdan howply oýundyr” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar