Erdogan Gresiýa Duýduryş Berdi

Prezident, Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygy R.T.Erdogan Ankaradany partiýasynyň welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen maslagatyna gatnaşdy.

1885159
Erdogan Gresiýa Duýduryş Berdi

Erdogan maslahatdan sözlän sözünde; “Gresiýa ýatlatmak isleýäris, özüňize gelin. ABŞ-dan, Ýewropadan size gelýän goldawlar sizi halas eder öýdýäňizmi? Halas etmez. Duran ýeriňizde typynarsyňyz, başga işe ýaramaz” diýdi.

Türk raýatlarynyň ganyny döken ganhorlaryň Gresiýanyň Lawrion düşelgesiniň başda durmagynda Ýewropanyň ähli ýurtlarynda hemaýat edilýändigini, arkaýyn gezýändigini nygtan Erdogan; “Siriýadaky we Demirgazyk Yrakdaky terror öýjükleri başlaryna ýykyldygy saýyn, terror guramasynyň agzalary käbir ýurtlarda özlerine aç-açan düşelge açýar. Bize goňşuçylyk hukugyndan söz edýän ýurtlar ilki bu adamzat we demokratiýa duşmanlaryna geçirimlilik etmesinler” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň goňşularyndan başlap, ähli ýurtlara, terror guramalaryna garşy tapawut goýmazdan çäre görmäge çagyrdy.

Gresiýa meçew berip, Türkiýäniň üstüne küşgürýänleriň niýetlerini gowy bilýändiklerini nygtan Erdogan; “Günbatar Fransiýa we adalara getirilen ýaraglar biziň üçin hiç hili many aňlatmaýar. Sebäbi biziň güjümiz we şertlerimiz olardan has ýokary. Emma bu ýagdaýyň adybir ýurt üçin gizlin basylyp alynma manysyny aňladýandygyny hem ýatlatmak isleýäris” diýdi.

Erdogabn; “ABŞ-dan, Ýewropadan size gelen goldawlar sizi halas eder öýdýäňizmi? Etmez. Diňe duran ýeriňizde yrarnarsyňyz, başga işe ýaramaz” diýdi.

 



Degişli Habarlar