Galla ylalaşygynyň çäginde ýene-de 12 gämi Ukrainadan ýola çykdy

Stambulda baglaşylan Galla ylalaşygynyň çäginde ýene-de 12 gämi Ukrainanyň portlaryndan ugrady

1883850
Galla ylalaşygynyň çäginde ýene-de 12 gämi Ukrainadan ýola çykdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, galla ylalaşygynyň çäginde ýene-de 12 gäminiň Ukrainanyň portlaryndan ugrandygyny habar berdi.

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýannamada: “Galla ylalaşygynyň çäginde şu günden başlap Ukrainanyň deňiz menzillerinden galla ýüklenen ýene-de 12 gämi ýola çykdy” diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar