“Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda çalşylan 200 adam biziň myhmanymyz”

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: “Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda çalşylan 200 adam biziň myhmanymyz” diýip belledi

1883802
“Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda çalşylan 200 adam biziň myhmanymyz”

Prezident Erdogan Stambulda Russiya bilen Ukrainanyň arasynda amala aşyrylan zamun çalşygy bilen bagly beýanama berdi. 

Prezident Erdogan: "Bular biziň myhmanymyzdyr. Olaryň arasyndan biri Russiýanyň Döwlet baştutany hormatly Wladimir Putiniň tutanýerli ýagdaýda üstünde duran bir adamdy. Şol adamy hem biz Russiýa ugratdyk" diýip belledi. 

Galla geçelgesi tapgyrynyň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Galla geçelgesinden 4 million tonnadan gowrak önüm geçirildi. Häzirki wagtda hem dowam edýär. Bu ýerde biziň häzirki wagtdaky möhüm ädimlerimiziň biri Russiýa tarapyndan geljek galla önümleri. Häzirki wagta çenli gelenler Ukrainadan geldi. Ony hem başladan pursadymyz esasan hem garyp ýurtlara dökün eksportyny başladarys, ol bolsa şol ýurtlary arkaýyn eder" diýip habar berdi. 

Düýn Prezident Erdoganyň Putin we Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen amala aşyrýan diplomatik tagallalarynyň netijesinde 200 harby zamun çalşygynyň amala aşyrylandygy aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar