Çawuşogly: "Musulmanlaryň arasyndaky doganlygy syýasatdan ýokary tutmagymyz gerek" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Musulmanlaryň arasyndaky doganlygy syýasatdan ýokary tutmagymyz gerek" diýip belledi

1883558
Çawuşogly: "Musulmanlaryň arasyndaky doganlygy syýasatdan ýokary tutmagymyz gerek" diýdi

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine baran Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýyllyk Koordinasiýa maslahatynda çykyş etdi.

Musulman dünýäsiniň diňe raýdaşlyk içinde hereket eden halatynda möhüm netijeler alyp biljekdigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 15-nji marty Halkara Yslamafobiýa garşy göreş güni hökmünde yglan etmegi, onuň möhüm mysallarynyň biridir. Hormatly doganlarym Gurhan Ynananlar doganlaryňyzdyr we doganlaryňyz bilen  parahatçylyk içinde ýaşaň diýar. Şol sebäpli musulmanlaryň arasyndaky doganlygy syýasatdan ýokary tutmagymyz gerek. Biziň sesimizi diňe bütin ummaty gyzyklandyrýan meseleler bilen bilelikde hereket etsek eşidip bilerler" diýip belledi.

Türkiýäniň palestinaly doganlaryna anyk goldawlar berýändigini aýdan Çawuşogly: "Garaşsyz we özbaşdak bir döwlet bolan Palestina Döwletini we şol bir wagtda onuň paýtagty Iýerusalimi goramak biziň jogapkärçiligimizdir" diýip nygtady. 

Kiprli türkleriň bolsa haksyz çetleşdirme we embargo bilen ýüz-ýüzedigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Biz YHG-na agza ýurtlaryň Kiprli türkler bilen bir ýerde durmagyna garaşýarys. Gresiýadaky türk azlygy hem şol bir wagtda adaty hukuklaryndan we azatlyklaryndan mahrum edilýär. Müftüleri ykrar edilmeýär, etniki şahsyýetlerini we bilimdäki özbaşdaklyklaryny ulanmaklaryna rugsat berilmeýär. Biz doganlarymyzdan olara raýdaşlyk görkezmeklerini isleýäris" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly BMG-nyň Adam hukuklary Ýokary komissarlygynyň çap eden soňky habarnamasynyň, Hytaýyň Sinjan Uýgur Awtonomiýasyndaky uýgur türklerine garşy edilýän adam hukuklary bilen bagly düzgün bozmalaryny açyk ýagdaýda orta goýandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar