Türkiye Ukrainadaky hadysalara alada bildirýär

Türkiye Ukrainanyň Russiýanyň gözegçilik astyndaky käbir sebitlerde birtaraplaýyn häsýetde referendum geçirilmegi bilen bagly hereketlere alada bildirýändigini habar berdi

1883019
Türkiye Ukrainadaky hadysalara alada bildirýär

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly beýannama çap edildi. 

Beýannamada: "Ukrainanyň Russiýanyň gözegçilik astyndaky käbir sebitlerde birtaraplaýyn häsýetde referendum geçirilmegi ugrundaky hereketlere alada bildirýäris. Bular ýaly görnüşli hereketler, halkara jemgyýet tarapyndan ykrar edilmez. Tersine diplomatik tapgyryň janlandyrylmagy bilen bagly tagallalary bökdär we durnuksyzlygyň çuňlaşmagyna sebäp bolar. Şol sebäpli 2014-nji ýylda Krymyň bikanun häsýetde anneksiýa edilmeginden bäri nygtaýşymyz ýaly: Ukrainanyň territorial bütewiligine, garaşsyzlygyna we özygtyýarlylygyna goldawymyzy, dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiň ady geçen maksatlaryň esasynda parahatçylykly gepleşikler arkaly çözülmegi üçin her dürli goşant goşmaga taýardygymyzy gaýtalap geçýäris" diýip habar berildi. 

Ukrainanyň Donetsk, Lugansk, Herson we Zaparožýe sebitlerinde 23-27-nji sentýabr aralygynda Russiýanyň düzümine goşulmak üçin referendumyň geçiriljekdigi beýan edilipdi.



Degişli Habarlar