Prezident Erdogan: "Biz dünýäniň bir bölegidiris, ne gündogaryň ne-de günbataryň" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen giden Nýu-Ýorkda Amerikan PBS telewideniýe kanalynyň myhmany hökmünde, daşary syýasat we dünýäniň güntertibindäki meseleler barada beýannama berdi

1881986
Prezident Erdogan: "Biz dünýäniň bir bölegidiris, ne gündogaryň ne-de günbataryň" diýdi

"Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümine goşulmak niýetiňiz bar. Bu guramanyň düzüminde Russiýa, Hytaý, Eýran bar. Ol NATO-dan örän tapawutly gymmatlyklary we maksatlary bolan bir guramadyr. Siz ýurduňyzyň gündogaryň bir bölegi bolmagynymy isleýäňiz ýa-da günbataryň bir bölegimi?" soragyna jogap beren Prezident Erdogan: "Biz dünýäniň bir bölegidiris, ne gündogaryň ne-de günbataryň. Biziň ýurdumyzyň geografik taýdan uly bir bölegi gündogara degişlidir. Günbatara degişli bolan bölegi aýrydyr. Emma Ýewropa Bileleşigi eýýäm 52 ýyl bäri bizi dowamly häsýetde güýmeýär. Şol sebäpli tapawutly gözleglere ýüz tutmak ýagdaýynda bolup bileris. Ýewropa Bileleşigi 52 ýyl bäri bizi tutýar, bizi ýanyna golaýlaşdyranok we ondan soň hem Näme üçin şunyň bilen duşuşyk geçirdiň diýär. Duşuşyk geçirerin. Şol duşuşyklary geçirýän mahalymyz hem Ýewropa Bileleşigine şu nokatda hasap bermeris. Biz dünýäniň ähli ýurtlary bilen duşuşyk geçireris. Men Hytaýyň Döwlet baştutany hormatly Si Szinpin bilen duşuşyk geçirerin, Russiýanyň Döwlet baştutany hormatly Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirerin, Hindistanyň Premýer ministri hormatly Narendra Modi bilen duşuşyk geçirerin. Ähli ýurtlar bilen duşuştk geçirerin. Sebäbi biziň ählimiz dünýäniň bir bölegidiris. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen duşuşyk geçiren mahalymyz bize näme üçin siz olar bilen duşuşyk geçirdiňiz? diýip sorag berilmedi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar