Antalýanyň Kaş etrabynyň suw giňişliginde 300 bosgun halas edildi

Türkiyäniň Antalýa welaýatynyň Kaş etrabynyň suw giňişliginde adatdan daşary ýagdaý çagyryş ugradan 300 bosgun halas edildi

1882291
Antalýanyň Kaş etrabynyň suw giňişliginde 300 bosgun halas edildi

Türkiyäniň Deňiz işleri Baş müdürliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanata görä, düýn DKTR-nyň Türk Radiosy tarapyndan Esasy halas ediş koordinasiýa merkezine Kaş etrabynyň 103 km alysynda suw giňişliginde Türkiyäniň gözleg we halas ediş serhediniň çäginde 300 bosguny daşaýan 20 metr uzynlygyndaky gaýygyň adatdan daşary ýagdaý çagyryşyny berendigi, wakanyň bolan ýerine "PAOLO TOPIK" atly ýük gämisiniň gönükdirilendigi habar berildi. 

Maglumat Türkiyäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň Operasiýa merkezine ýetirildi, "PAOLO TOPIK" atly gämi bolsa Türkiýäniň wagty bilen sagat 23:47-de köp sandaky bosguny bortuna almaga başlady. 

Merkez tarapyndan "İnmarsat C Telex" enjamyndan gäminiň kapitanyna Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyklar bilen duşuşmak üçin nokat kesgitlendi. 

Deňiz işleri Baş müdürligi tarapyndan berilen habara görä "PAOLO TOPIK" atly gämi bosgunlar bilen bilelikde Kenarýaka Howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyklaryň garaşýan nokadyna bardy. 


Etiketkalar: #Kaş , #Antalýa , #Türkiye , #gämi

Degişli Habarlar